Boýunça saýhallamak

reýtinge | ady | şaher ýada welaýat

"Türkmenistan" Türkmenistanyň döwlet täjirçilik banky

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky - umumy milli möçberdäki döwlet bankydyr. Bank ýurdymyzda ykdysady syýasatyň kemala gelmegini üpjin edýär we bolup geçýän uly ykdysady ýagdaýlara täsir edýär hem-de ykdysady döwlet maksatnamalarynyň ösüşini netijeli durmuşa geçirýär. Bankyň ençeme aýratyn bölüm çylgamlarynyň bolmagy we öňde baryjy tehnologiýalardan peýdalanmagy, onuň ýurduň islendik ýerine elýeterli bolmagyny üpjin etmelidir.

Türkmen-Türk Paýdarlar täjirçilik banky

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň bank ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça banklaryň öňünde goýan wezipelerinden ugur alyp işjeňligini amala aşyrýan Türkmen-Türk Paýdarlar täjirçilik banky, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda 1992-nji ýylyň Maý aýynyň 2-sine gol çekilen Döwletara Memorandumyna laýyklykda, Türkmenistanyň çäklerindäki daşary ýurt maýa goýumly ilkinji bilelikdäki bank hökmünde, 1993-nji ýylyň Mart aýynyň 31-ine döredildi.

Акционерный Коммерческий Банк «Рысгал»

Зарегистрированный и получивший лицензию в конце 2011-го года, банк был учрежден предпринимателями не только в целях получения прибыли и умножения имущества его акционеров, но также для содействия становлению финансового рынка и банковской системы Туркменистана, наиболее полного удовлетворения потребностей и запросов акционеров и клиентов Банка через предоставление им широкого спектра банковских услуг.

Türkmenistanyň Döwlet täjirçilik banky "PrezidentBank"

Bank Türkmenistanyň bütin dünýäde baky Bitarap Döwlet hökmünde abraýynyň artýan, ýurduň köp pudakly ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösýän döwründe döredi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2004-nji ýylyň 18-nji awgust aýynyň N6843 belgili kararyna laýyklykda, bankyň edara binasy Aşgabat ş. 1995 köçesiniň 12-nji jaý salgysynda ýerleşip, Türkmenistanyň raýatlaryna Aşgabat şäherinde täze gurlan jaýlardan öýleri satyn almakda 15 ýyl möhlet bilen, göterimi ýyllyk 3% -den, esasy bergini üzmäge 5 ýyla çenli ýeňillikli möhlet bilen karzlary bermek bilen öz bank işjeňligine başlady.