“Ertekiler dünýäsi» - Orta Aziýadaky iň iri çagalar seýilgähi bolup, ol çagalaryň we ýetginjekleriň dynç almaklary we gözýetimleriniň giňelmegi üçin döredilendir. Seýilgähde esasy orny «Türkmen ertekileriniň dünýäsi» atly bölüm tutýar. Onuň hemişelik ýaşaýjylary – syrly erteki aýdýan, Böwenjik, Akpamyk we onuň 7 oglan dogany, Hudaýberdi gorkak, sansyz-sajaksyz baýlygy goraýan güýçli döwler, äpet ýylan we türkmen eposynyň beýleki dürli gahrymanlary. Yssy günlerde bu ýere gelenler suw çüwdürimleriniň we emeli derýanyň ýanynda, salkyn ýerde, täsin bassyrmalaryň astynda dynç alyp bilerler.