Türkmen-Türk Paýdarlar täjirçilik banky

Böleşmek
LINE it!
 1171 seredişler

(Sesleriň umumy sany 0, Portaça reýting 0) Haýyş edýäris Giriň ses bermek üçin

Türkmen-Türk Paýdarlar täjirçilik banky

Bankyň döredijileri: Türkmenistan tarapyndan – Türkmenistanyň “Agrosenagatbanky” (häzirki Türkmenistanyň “Daýhanbank” Döwlet Täjirçilik Banky) we Türkiýe Respublikasy tarapyndan – T.R. Ziraat Banky A.Ş.-dir.

Şeýlelikde, Türkmen-Türk Paýdarlar täjirçilik banky Türkmenistanyň “Daýhanbank” Döwlet Täjirçilik Banky bilen Türkiýe Respublikasynyň Ziraat Banky A.Ş.-niň tarapyndan 50 % derejesinde deň paýlary bilen ýapyk kysymly paýdarlar jemgyýeti görnüşinde döredilen we Türkmenistanyň bitewi bank ulgamyna girýän köp ugurly bank edarasydyr. Bankyň Türkmenistanyň töleg serişdesinde karz-hasaplaşyk we beýleki amallary geçirmeklige hukuk berýän Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan 2003-nji ýylyň Baýdak aýynyň 20-sine berlen Ygtyýarnamasy, şeýle hem Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda bank amallaryny daşary ýurt pulunda geçirmeklige hukuk berýän Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan 2003-nji ýylyň Fewral aýynyň 20-sine berlen Baş Ygtyýarnamasy bardyr.

Bankyň hyzmatlarynyň we amallarynyň sanawyny Siziň dykgatyňyza ýetirýäris:

- Hasaplaşyk kassa amallary

- Walýuta alyş-çalyş amallary

- Goýum hyzmatlary

- Karz hyzmatlary

- Faktoring hyzmatlary

- Kepillik hyzmatlary

- Nagt däl hasaplaşyk amallary

- Halkara pul geçirimleri

Web-saýt: http://www.turkmenturkbank.com/

Salgy we kontaktlar

Magtymguly şaýoly, 111/2, tel.: (+99312) 938362/938347

http://www.tmgid.cc/