Türkmenistanyň Döwlet täjirçilik banky "PrezidentBank"

Böleşmek
LINE it!
 1411 seredişler

(Sesleriň umumy sany 0, Portaça reýting 0) Haýyş edýäris Giriň ses bermek üçin

Türkmenistanyň Döwlet täjirçilik banky "PrezidentBank"

Ýuridiki taraplara edilýän hyzmatlar:

Kassa hasaplaşyk hyzmatlary:

  • Milli manatda hasaplaşyk hasabynyň açylmagy we alyp barmak
  • Maglumat we maslahat hyzmatlaryny bermek
  • Nagt pullary kabul etmek we tabşyrmak
  • Söwdadan gelen nagt pullary kabul etmek
Karzlaryň görnüşleriniň ýyllyk göterim derejesi we möhletleri boýunça şu aşakdaky ugurlar esasynda hereket edýär:
  • Aşgabat şäherinde täze gurulýan jaýlardan öýleri satyn almak üçin:
  • Ipoteka karzy, ýyllyk 1%-den 30 ýyl möhlete çenli;
  • Raýatlara berilýän sarp ediş karzlary, ýyllyk 16%-den 2 ýyl möhlete çenli;
  • “Ekspess karzy ” kompýuter enjamyny satyn almak üçin ýyllyk 12% den möhleti 1 ýyla çenli.
  • Döwlete dahylsyz edara görnüşli taraplara berilýän karzlar:
  1. Önümçilik maksatlaryna 5%-den 10-e çenli;
  2. Hyzmat ediş we söwda maksatlary üçin 12%-den 16%-e çenli;
  • Telekeçilere berilýän karzlar: 
  1. Söwda maksatlary üçin ýyllyk 14%-den möhleti 2 ýyla çenli. 
  2. Önümçilik maksatlaryna ýyllyk 5%-den şu aşakdaky möhletler bilen amala aşyrylýar: 
  3. Maýa goýum taslamalary üçin 10 ýyla çenli; 
  4. Dolanyşyk serişdelerini almak üçin 1 ýyla çenli.

Erkin pul serişdelerini çekmeklik:

  • Milli walýutada göterim derejesi we möhleti boýunça tapawutlandyrlan depozitler

Gymmat bahaly metallardan ýasalan şaýy pul bilen baglanşykly işler

Şahsy taraplaryň hyzmaty:

  • Milli walýutada hasaplaryň açylmagy
  • Milli walýutada goýumyň kabul edilmegi
  • Milli walýutada bank geçirimleri
  • Daşary ýurt pulunyň alyş-çalyş amallary
  • Sarp ediş maksatlary boýunça karzlary Ipoteka karzlary
  • Şahsy taraplaryň hyzmaty boýunça maslahat hyzmatlaryny bermeklik

Web-saýt: http://www.presidentbank.gov.tm/

Salgy we kontaktlar

köç. 1932, 132, tel. (99312) 39-15-00/03/51/64

http://www.tmgid.cc/