Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi

Böleşmek
LINE it!
 1386 seredişler

(Sesleriň umumy sany 0, Portaça reýting 0) Haýyş edýäris Giriň ses bermek üçin

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň esasy wezipeleri:

  • Türkmenistanyň tokaý hojalygyny ösdürmek, tebigy serişdeleri goramak we üznüksiz köpeltmek babatdaky maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleri amala aşyrmakdan;
  • tebigaty goramak we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny işläp taýýarlamakdan we ýöretmekden;
  • Türkmenistanda tebigaty goraýyş işini toplumlaýyn dolandyrmagy amala aşyrmakdan;
  • tokaý hojalygy babatda, şeýle hem töwerekdäki gurşawyň peýdalanylyşyna we goralyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrmakdan;
  • tebigy gurşawyň ýagdaýyna gözegçilik etmegiň döwlet ulgamyny kämilleşdirmekden, döwlet dolandyryş edaralaryny we ilaty töwerekdäki gurşawyň hapalanyş derejesi hakyndaky maglumatlar bilen üpjün etmekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi öz üstüne ýüklenilen wezipelere laýyklykda şu işleri amala aşyrýar:

  • döwletiň ekologiýa syýasatyny we tebigaty goramak baradaky döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegi üpjün edüär;
  • edara görnüşindaki taraplaryň we şahsy adamlaryň, şol sanda daşary ýurtlularyň Türkrnenistanyň tebigaty goramak baradaky kanunlaryny berjaý edişine, şeýle hem tokaýlaryň ýagdaýyna, peýdalanylyşyna, üznüksiz köpeldilişine, goralyşyna we aýawly saklanylyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;
  • Türkmenistanyň halkara konwensiýalaryndan gelip çykýan borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça hem-de tebigaty goramak babatda, şeýle hem tebigaty goraýyş işiniň beýleki meseleleri boýunça Türkmenistanyň halkara we pudagara şertnamalaryny hem-de ylalaşyklaryny taýýarlamak boýunça ministrikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işini utgaşdyrýar;
  • ekologik ulgamlaryň goralyşyna, ýerleriň hasyllylygynyň egsilmeginiň öňüniň alnyşyna, ýerleriň, gyzgyn suwlardan başga ýerüsti we ýerasty suwlaryň, howa gurşawynyň, ösümilk dünýäsiniň, şol sanda tokaýlaryň we haýwanat dünýäsiniň, şeýle hem balyk gorlarynyň, deňizdäki ösümlikleriň we haýwanlaryň, şol sanda suwdaky süýt emdirijileriň we oňurgasyzlaryň hem-de Türkmenistanyň çäklerindäki suwlaryň tebigy serişdeleriniň peýdalanyşyna we goralyşyna gözegçilik edýär;
  • Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen jandarlaryň hem-de ösümlikleriň seýrek we ýitip gitmek howpy astynda durýan görnüşlerini, şeýle hem sowdasy ýa-da goralmagy Türkmenistan gatnaşyjysy bolan halkara şertnamalary bilen düzgünleşdirilýan görnüşlerini goramak baradaky kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik edýär;
  • tebigaty goramak we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak hem-de tokaý hojalyklaryna ylmy-usulyýet we geňeşdarlyk kömegini bermek babatda düýpli we amaly ylmy barlaglaryň geçirilmegini üpjün edýär;
  • Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi bilen ylalaşyp, tebigy serişdeler hem-de tebigy daş-töwerege hapalaýjy maddalaryň tebigata taşlanmagy üçin tölegleriň, şeýle hem tebigaty goraýyş kanunlarynyň bozulmagy arkaly ýetirilen zelel üçin jerimeleriň möçberlerini hasaplamak boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan uzak wagtlaýyn ykdysady kadalary işläp taýýarlaýar we tassyklaýar;
  • tebigaty peýdalanmagy dolandyrmagyň usullaryny kämilleşdirmegi, ekologik kadalaşdyrmalary, tebigy serişdeleriň peýdalanyşyny we töwerekdäki gurşawyň goralyşyny düzgünleşdirmek boýunça kadalary we standartlary "Türkmenstandartlary" baş döwlet inspeksiýasy bilen bilelikde işläp taýýarlamagy üpjün edýär;
  • töwerekdäki gurşawa we tebigy desgalara gözegçilik etmegi amala äşyrýar;
  • kärhanalary we hojalyk desgalaryny gurmak, olaryň durkuny täzelemek üçin taslama we deslapky taslama maglumatlarynyň, taslamalaryň döwlet ekologik seljermesini amala aşyrýar;
  • Türkmenistanyň Gyzyl kitabyny ýöretmegi üpjün edýär;
  • Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda ekologik işiň ähli görnüşlerini ygtyýarlylandyrmagy geçirýär hem-de ösümlik we haýwanat dünýäsine degişli zatlary, şol sanda olaryň Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna goşulan görnüşlerini, şeýle hem suwdaky süýt emdirijileri we oňurgasyzlary peýdalanmak üçin çakli möçberleri kesgitleýär;
  • tebigaty peýdalanyjylaryň töwerekdäki gurşawa edilýän täsire baha bermek (TGTB) boýunça geçirýän işine döwlet gözegçiligini we usulyýet ýolbaşçylygyny amala aşyrýar;
  • tebigaty goramak işi bilen baglanyşykly rugsatnamalary bellenilen tertipde berýär we ýatyrýar;
  • haýwanlaryň we ösümlikleriň Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna goşulan görnüşlerini, şeýle hem sowdasy ýa-da goralmagy Türkmenistan gatnaşyjysy bolan halkara şertnamalary bilen düzgünleşdirilýän görnüşlerini tutmagy, ýurdumyza getirmegi we ýurdurnyzdan alyp gitmegi amala aşyrýar;
  • Türkmenistanda goraghanalaryň we döwletiň aýratyn goralýan tebigy meýdanlarynyň işini, tebigy nygmatlaryü hasylyny ýygnamagy guraýar, olary ösdürmek boýunça çäreleri görýär;
  • tebigaty goramak babatdaky edara ediş hukuk düzgünleriniň bozulmagy hakyndaky işlere kanunlar bilen bellenilen tertipde garaýar.
  • Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň şulara hukugy bar:
  • tebigaty goramagyň, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmagyň we tebigaty goraýyş çärelerini ýerine ýetirmegiň meseleleri boýunça eýeçiligiň ähli gönüşlerindäki kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň ýolbaşçylarynyň habarlaryny diňlemäge;
  • kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň hem-de desgalaryň eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan, olara tebigaty goraýyş maksatly baglarlary (inspeksiýalary) geçirmek üçin barmaga;
  • ekologik seljermäni geçirmek, tebigy gurşawyň ýagdaýyny kesgitlemek, ony sagdynlaşdyrmak boýunça çäreleri işläp taýýarlamak we töwerekdäki gurşawy goramak bilen baglanyşykly beýleki meseleleri çözmek üçin Ministrligiň ýanynda seljeriji we beýleki geňeşleri hem-de toparlary bellenilen tertipde döretmäge;
  • şu Düzgünnamanyň 4-bölüminde göz öňünde tutulan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalary we guramalary döretmäge;
  • ekologik syýahaty ösdürmek hem-de daşary ýurtly edara görnüşindäki taraplar we şahsy adamiar üçin aw awlamagy guramak boýunça çäreleri geçirmäge;
  • tebigatyň ýygnalan nygmatlaryny ňerlemekden alnan serişdeleri peýdalanmaga;
  • jerimeleri we hak isleglerini toletdirmekden, seyle hem bikanun aw awlamak üçin ulanylan gurallary komission söwda ulgamy arkaly ýerlemekden alnan serişdeleri degişli edara-kärhanalaryň ýörite hasaplaryna geçirmäge hem-de şol serişdeleri Türkmenistanda avv awlamak we awçylyk hojalygyny ýöretmek hakyndaky Düzgünnama laýyklykda peýdalanmaga.

Websaýt: http://www.natureprotection.gov.tm/

Salgy we kontaktlar

Arçabil şaýoly, 92, tel.: (993-12) 44-80-02

http://www.tmgid.cc/