Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy

Böleşmek
LINE it!
 1169 seredişler

(Sesleriň umumy sany 0, Portaça reýting 0) Haýyş edýäris Giriň ses bermek üçin

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy Türkmenistanyň gümrük ulgamynyň işini düzgünleşdirmek babatdaky döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini, gümrük meseleleri boýunça halkara borçnamalarynyň berjaý edilmegini üpjün edýän, şeýle hem işleri bilen baglanyşykly kontrabanda we beýleki jenaýatlara, dolandyryş hukuk tertibiniň bozulmalaryna garşy göreşi amala aşyrýan döwlet dolandyryş edarasy bolup durýar.

Gullugyň düzümine merkezi edarasy, onuň ýanyndaky Okuw merkezi, welaýat we welaýat hukukly şäher gümrükhanalary, olaryň Türkmenistanyň çäklerindäki we döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerindäki gümrük postlary, gümrük gullugynyň beýleki edaralary girýär.Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ulgamy 6 sany gümrükhanadan we 49 sany gümrük nokatlaryndan ybaratdyr. Gümrük postlarynyň ýerleşýän ýeriniň iş aýratynlyklaryna görä, häzirki wagtda Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçýän harytlara gümrük gözegçiligi we gümrük taýdan resmileşdirmeler Aşgabat şäher we Ahal, Balkan, Lebap, Daşoguz, Mary welaýat gümrükhanalary tarapyndan amala aşyrylýar.

Türkmenistan Bütindünýä Gümrük Guramasynyň agzasydyr.

Websaýt: http://www.customs.gov.tm/

Salgy we kontaktlar

Arçabil şaýoly, 138 tel.: (99312) 39-41-55

http://www.tmgid.cc/