Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy

Böleşmek
LINE it!
 993 seredişler

(Sesleriň umumy sany 0, Portaça reýting 0) Haýyş edýäris Giriň ses bermek üçin

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy 1992-nji ýylyň 18-nji awgustynda döredildi. Gurama öz ätiýaçlandyryş we gaýtadan ätiýaçlandyryş işini Türkmenistanyň Maliýe ministrligi tarapyndan tassyklanan ygtyýarnama esasynda alyp barýar. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryşy guramasynyň esasy maksady Türkmenistanyň maliýe ýagdaýyny berkitmekden, şeýle hem ilatyň we ýurduň edara-kärhanalarynyň ätiýaçlandyryş hyzmatlaryna bolan isleglerini halkara derejesinde bähbitli şertlerde doly kanagatlandyrmakdan ybaratdyr.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy – ykdysady taýdan durnuklydyr we gerek halatynda kömege ýetişýän, degerli netijäni gazanmagy başarýan we bu ugurda üstünligi gazanyp bilýän ygtybarly hyzmatdaşdyr.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň hünärmenleri tarapyndan dünýä tejribesinde kabul edilen senagat, gurluşyk-gurnaýyş, energetika, howa, deňiz we beýleki iri töwekgelçilikleri ätiýaçlandyrmaklygyň ýörite ätiýaçlandyryş maksatnamalary işlenip taýýarlanyldy. Bu günki gün Türkmenistanyň çäklerinde ýerli edara-kärhanalardan başga hem, öz gezeginde, ösen ätiýaçlandyryş goragy bilen gyzyklanýan daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek bilen işleýän birnäçe daşary ýurt kompaniýalary hem işleýär. Müşderileriniň sanynyň günsaýyn artmagy ätiýaçlandyryşyň hyzmatlarynyň hiliniň ýokarydygyna şaýatlyk edýär.

Websaýt: http://www.insurance.gov.tm/

Salgy we kontaktlar

Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 42/1 Tel.:(+99312) 22-19-55/56/76

http://www.tmgid.cc/