Döwlet paýdarlar korporasiýasy «Türkmenhaly»

Böleşmek
LINE it!
 820 seredişler

(Sesleriň umumy sany 0, Portaça reýting 0) Haýyş edýäris Giriň ses bermek üçin

Döwlet paýdarlar korporasiýasy «Türkmenhaly»

«Türkmenhaly» Döwlet paýdarlar korporasiýasy Türkmenistandan arassa ýüň ýüplerden dokalýan meşhur türkmen el halylaryny dünýä bazaryna iberýän esasy tarap bolup durýar.

Korporasiýanyň esasy wezipesi türkmen el haly we haly önümlerini öndürmekden, halyny dokamagyň usullaryny ulanmakdan, gadymy haly nagyşlaryny we şu ugra degişli irki önümleri gaýtadan dikeltmekden ybaratdyr.

«Türkmenhaly» Döwlet paýdarlar korporasiýasynyň düzümine çeper halyçylyk kärhanalarynyň 10-sy degişlibolup, bular Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ýerleşýän 100-den gowrak halyçylyk bölümlerini we sehleri özünde jemleýär. Bu çeper halyçylyk kärhanalarynda 10 müňden gowrak halyçy zenanlar işleýär.

Korporasiýanyň çeper halyçylyk kähanalarynda öndürilýän dürli nagyşly, şekilli we ýüz keşpli halylar hem-desowgatlyk önümler bilen bir hatarda, türkmen halylarynyň nusgawy görnüşleri işlenip taýýarlanýar. Munuň diňe bir içerki we daşarky bazarlarda bildirilýän islegleri kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, ilkinji nobatda onuň türkmen halkynyň çeperçilik medeniýetiniň ajaýyp mirasy bolup durýandygyny görkezmek bilen baglydygyny aýdýar.

Türkmen halylarynyň haýran galdyrýan gözelligini we uzak wagtlap ulanmaga ýaramlylygyny, olaryň tapawutlandyryjy aýratynlygy hökmünde görkezmek bolar, bu aýratynlyklar halyçylyga mahsus ýörelgelerden gelip çykýar. Köp asyrlyk taryhynda halyçylyk sungaty belent derejedäki kämillige ýetirilip, nagyşlaryň çeperçilik taýdan täsirliligi bilen haýran galdyrýar. Türkmen halylarynyň nagyşlarynda türkmen halkynyň gelip çykyşynyň taryhy, onuň pelsepesi we dünýägaraýyşy beýan edilendir.

Türkmen halysy tehniki taýdan taýýarlanylyşy we estetiki many-mazmuny boýunça gadymy, seýrek duşýan zatlaryň hataryna degişlidir. Bu halynyň örän syk dokalmagy onuň esasy aýratynlyklarynyň biri hasaplanýar, çünki halynyň bir inedördül metrinde 200—400 müň we şondan-da köp çitim bardyr. Diýseň syk dokalýandygy üçin halynyň nagşy örän dürs we täsirli bolup görünýär. Halydaky reňkler ýerlikli we göze ýakymlydyr.

Türkmen halysynyň başga-da haýran galdyryjy we gymmatly taraplary bar. Ýyl geçdigiçe, türkmen halysy täze öwüşginlere eýe bolýar: reňkler has ýakymly we ýüz tarapy mahmal ýaly ýumşak bolýar.

Websaýt: http://www.turkmenhali.gov.tm/

Salgy we kontaktlar

Garaşsyzlyk şaýoly, 94, tel.: (+99312) 44-69-79/07

http://www.tmgid.cc/