Türkmenistanyň Adalat ministrligi

Böleşmek
LINE it!
 1346 seredişler

(Sesleriň umumy sany 0, Portaça reýting 0) Haýyş edýäris Giriň ses bermek üçin

Türkmenistanyň Adalat ministrligi

Türkmenistanyň Adalat ministrligi adalat edaralarynyň ulgamynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegi üpjün edýän merkezi ýerine ýetiriji häkimiýet edarasy bolup durýar.

Ministrlik öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Türkmenistanyň kanunlaryny, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütlerini, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerini we kadalaryny, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny, şeýle hem Türkmenistanyň Adalat ministrligi hakynda Düzgünnamany goldanýar.

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň düzümi ministrligiň merkezi edarasynyň 4 müdirliginden, welaýat adalat bölümlerinden, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň, etraplaryň, şäherleriň döwlet kepillendiriş edaralaryndan, ministrligiň ýanyndaky raýatlyk ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň Merkezi arhiwinden ybarat.

Websaýt: http://minjust.gov.tm/

Salgy we kontaktlar

Arçabil şaýoly, 150, tel.:(99312) 39-19-21

http://www.tmgid.cc/