Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy

Böleşmek
LINE it!
 1120 seredişler

(Sesleriň umumy sany 1, Portaça reýting 4) Haýyş edýäris Giriň ses bermek üçin

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy

Söwda-senagat edarasy: Türkmenistanyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmäge, onuň dünýä hojalyk ulgamyna goşulmagyna, häzirki zaman senagat, maliýe we söwda infrastrukturasynyň kemala gitirilmegine ýardam etmek, telekeçilik işi üçin amatly şertleri döretmek, daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen söwda-ykdysady, ylmy-tehniki aragatnaşyklary ýola goýmaga ýardam etmek maksady bilen döredildi we şu aşakdaky funksiýalary amala aşyrýar.

  • Türkmenistanyň çäklerinde we daşary ýurtlarda öz agzalarynyň hojalyk hem-de daşary ykdysady işi amala aşyrmak bilen baglanyşykly bolan bähbitlerini goraýar;
  • bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegi ösdürmäge ýardam edýär, daşary ýurt tehnologiýalaryny, maýa goýumlaryny çekmek, bilelikdäki kärhanalary hem-de hyzmatdaşlygyň beýleki görnüşlerini döretmek mümkinçiliginden peýdalanýar;
  • telekeçilik işini ösdürmäge, olara işiň häzirki zaman usullaryny öwretmäge ýardam edýär, daşary ýurtlaryň Söwda-senagat edaralary ýa-da beýleki işewür hem-de jemgyýetçilik toparlary bilen ylalaşyk boýunça tejribe alyşmagy gurnaýar;
  • harytlaryň we hyzmatlaryň eksportyny ösdürmäge ýardam edýär, daşarky bazarda geleşikleri geçirmekde hem-de hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini özleşdirmekde Söwda-senagat edarasynyň agzalaryna iş ýüzünde kömek berýär;
  • Söwda-senagat edarasynyň agzalaryny öndürilýän önümler we amala aşyrylýan hyzmatlaryň dünýä bahalary we kärhanalaryň, guramalaryň, firmalaryň täjirçilik teklipleri boýunça maglumat bilen üpjün edýär;
  • habar beriş-mahabatlandyryş, okuw-usuly materiallary hem-de beýleki çap önümlerini neşir edýär;
  • öz agzalarynyň sanawyny ýöredýär, şeýle hem olaryň maliýe we ykdysady ýagdaýyna şaýatlyk edýär;
  • hyzmatdaş gözlemekde ýardam edýär, daşary ykdysady işe we kanunçylyga degişli meseleler boýunça maglumat beriş hyzmatyny amala aşyrýar;
  • daşary ýurt söwda ykdysady delegasiýalary we daşary ýurtly işewür toparlaryň wekillerini çagyrýar hem-de kabul edýär;
  • öz wekillerini, söwda ykdysady wekilýetlerini daşary ýurtlara iberýär;
  • duşuşyklary, konferensiýalary we biznes-forumlary guraýar hem-de geçirýär;
  • Türkmenistanda halkara hem-de daşary ýurt sergilerini-ýarmarkalaryny guraýar, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň milli sergilerini geçirmekde zerur taýýarlyk işlerini hem-de çärelerini üpjün edýär;
  • Türkmenistanda harytlaryň gelip çykyş şahadatnamasyny hem-de edara görnüşindäki taraplaryň gollaryny tassyklaýar;
  • Söwda wekilýet saparlaryna we aýry-aýry işewürlere hyzmatdaşlary gözlemede hem-de işewür gatnaşyklaryny ýola goýmakda ýardam berýär;
  • täjirçilik işi bilen baglanyşykly hyzmatlary edýär;
  • beýleki döwletleriň söwda-senagat edaralary bilen gatnaşyklary ýola goýýar we ösdürýär;
  • ykdysady, ylmy-tehniki resminamalary terjime etmek boýunça buýurmalary ýerine ýetirýär.

Websaýt: http://cci.gov.tm/

Salgy we kontaktlar

Çandybil şaýoly, 143, tel.:str. B.Garyyev, 17 tel.: (+99312) 39-88-81/82/84/85/86

http://www.tmgid.cc/