Türkmenistanyň Döwlet haryt - çig mal biržasy

Böleşmek
LINE it!
 1001 seredişler

(Sesleriň umumy sany 0, Portaça reýting 0) Haýyş edýäris Giriň ses bermek üçin

Türkmenistanyň Döwlet haryt - çig mal biržasy

Başga ýurtlara garanyňda, Türkmenistanyň Döwlet haryt - çig mal biržasynyň işiniň spektry örän giň. Ol, hakykatda köp ugurly birža bolup, söwda arkaly akyl ukybynyň obýektlerinden, sungat döredijiliginden we gozgalmaýan emläkden daşary dürli haryt-maddy gymmatlyklary kabul edýär we satýar.

Biržanyň gatnaşyjylary üçin, ýagny daşary ýurtly işewür adamlary we Türkmenistanyň telekeçileri üçin deň şertleri döretmek, haryt dolanşygyny atdyrmak we tizleşdirmek, hojalykda sarp edilýän gerekli harytlar bilen, önümçilik-tehniki önümleri we ýurduň halk hojalyk toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagy üçin niýetlenen enjamlar bilen içki bazary üpjün etmek ýaly döwrebap lomaý bazarynyň araçysynyň we guramaçysynyň esasy wezipelerinden daşary, harytlaryň öz bahasyna baglylykda bellenilýän nyrhlarynyň laýyklygyna gözegçilik etmek, baglanyşylýan daşary söwda şertnamalaryny we Türkmenistanyň içki bazarynyň çäklerindäki şertnamalaryny döwlet tarapyndan hasaba goýmak, baglanyşylan şertnamalaryň şertlerini öz wagtynda amala aşyrmak wezipeleri hem Biržanyň üstüne goýulýar. Biržanyň hünärmentleri önümiň girizilmek we çykarylmak maksada laýyklygyna baha berýärler, harytlaryň we önümiň importyna we eksportyna täsir edýän dürli sebäpleriň derňewini edýärler.

Häzirki wagtda birža söwdasynda ýurtda öndürilýän we dünýäniň 40 sany döwletine, şol sanda Turkiýä, Hytaýa, Russiýa, Birleşen Arab Emirliklerine, Eýrana, Germaniýa, ABŞ, Beýik Britaniýa, Ukraina, Şweýsariýa eksport edilýän önümçiligi satylýar. Eksportyň esasy harytlary nebit önümleri, pagta-süýüm, ýurdumyzyň dokma senagatynyň, himiýa senagatynyň önümi we ş.m. bolup durýar.

Türkmenistanyň bitaraplyk statusy, durnukly syýasy we ykdysady ýagdaý, daşary ýurt maýa goýumlary üçin ygtybarly kanunçylyk esasy daşary ýurtly maýa goýýanlary barha özüne çekýär.

Salgy we kontaktlar

Arçabil şaýoly, 52, tel.: (99312) 44-66-30

http://www.tmgid.cc/