«Senagat» Paýdarlar täjirçilik banky

Böleşmek
LINE it!
 970 seredişler

(Sesleriň umumy sany 1, Portaça reýting 4) Haýyş edýäris Giriň ses bermek üçin

«Senagat» Paýdarlar täjirçilik banky

«Senagat»  Paýdarlar täjirçilik banky Türkmenistanda döredilen ilkinji täjirçilik banklaryň biri bolup, ol 22 sany esaslandyryjylar-paýdarlar tarapyndan 1989-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda Türkmen täjirçilik banky hökmünde döredildi.Banky döretmegiň esasy maksady – söwda we önümçilik bilen meşgullanýan huhusy telekeçileri we kärhanalary goldamakdan ybaratdyr.  1993-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmen täjirçilik banky «Senagat» Paýdarlar Täjirçilik banky na öwrüldi. 

Häzirki wagtda «Senagat»PTB açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolup, Türkmenistanyň «Kredit edaralary we bank işi hakynda», «Paýdarlar jemgyýeti hakynda» kanunlaryna we beýleki kanun çykaryje namalaryna we Bankyň Tertipnamasyna laýyklykda öz işini alyp barýar.  

Bankyň ähli welaýat merkezlerinde,Aşgabat şäherinde, şeýle hem Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy we Serdar şäherlerinde şahamçasy, paýtagtymyzda 2 sany agentligi we 4 nokady we welaýatlarda 5 sany  nokady bar. Bankyň hyzmat edýän müşderileriniň sany 41 müň adamdan hem gowrak bolup, olaryň 90% fiziki taraplar we hususy telekeçilerdir.

Bankyň hyzmatlary: 

  • Edara görnüşli taraplara we fiziki şahslara kredit (karz) bermek;
  •  «Ýanardag» we «Western Union» elektron pul geçirimleri;
  •  «Altyn Asyr» we «MasterCart» elektron tölegleri;
  • Faktoring we lizing boýunça amallar;
  • Bank kepilliklerini bermek; 
  • Milli we daşary ýurt walýutasynda depozit goýumlarynyň dürli görnüşleri;
  • ”SWIFT” halkara töleg ulgamy boýunça daşary ýurtlara tölegler;
  • Akkreditiw boýunça hyzmatlar;
  • Pulhana hyzmatlary;
  • Hasaplaşyk-töleg amallary we başg.

Websaýt: http://www.senagatbank.gov.tm/

Iş tertibi: 09.00 - 18.00
Şenbe: 09.00 - 13.00
Yekşenbe: dynç güni

Salgy we kontaktlar

S. Türkmenbaşy şaýoly, 42 tel.: (+99312) 45-31-33

http://www.tmgid.cc/