Türkmenistanyň Daşary işler Ministrligi

Böleşmek
LINE it!
 853 seredişler

(Sesleriň umumy sany 0, Portaça reýting 0) Haýyş edýäris Giriň ses bermek üçin

Türkmenistanyň Daşary işler Ministrligi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işi Türkmenistanyň kanunçylyk namalary: «Diplomatik gulluk hakyndaky», «Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň derejesi hakyndaky», «Diplomatik ranglar hakyndaky», «Türkmenistanyň konsulluk edaralary hakyndaky» Kanunlary tarapyndan düzgünleşdirilýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 17 sany düzüm bölekden – 15 sany bölümden, 1 müdirlikden we «Türkmenistanyň Daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnalynyň redaksiýasyndan ybarat.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň  merkezi diwanynyň wezipeleri meseleleri we düzüm bölümleriniň işi degişli ýagdaýlar bilen kesgitlenilýär.  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň  merkezi diwanynyň işgärleriniň daşary ýurtdaky diplomatik wekilhanalaryň we konsullyk edaralarynyň düzümi we sany Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär. Türkmenistanyň diplomatik gulluk hakyndaky kanunyna laýyklykda, diplomatik gulluk bu halkara gatnaşyklarynda Türkmenistanyň hukuklaryny we kanuny isleglerini görkezmek bilen, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň wezipelerini durmuşa geçirmek bilen bagly döwlet gullugynyň görnüşidir.

Habarlaşmak üçin:

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Habarlar gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-poçta: info@mfa.gov.tm

Salgy we kontaktlar

Arçabil şaýoly, 108, tel.: (99312) 44-56-87

http://www.tmgid.cc/