Türkmen halysynyň milli muzeýi

Böleşmek
LINE it!
 684 seredişler

(Sesleriň umumy sany 0, Portaça reýting 0) Haýyş edýäris Giriň ses bermek üçin

Türkmen halysynyň milli muzeýi
National Museum of Turkmen Carpet National Museum of Turkmen Carpet National Museum of Turkmen Carpet National Museum of Turkmen Carpet

Muzeýde iň kiçi haly önümleri bolan açarlaryň haly daşlyklaryndan 0,01 inedördül metrden, başlap, göwrümi 301 inedördül metr bolan, dünýäde iň uly elde dokalan äpet haly saklanýar. Haly 2001-nji ýylda dokalyp, 2003-nji ýylda Ginnessiň täsinlikler kitabyna girizildi. Muzeýde iki taraplaýyn halylar, güberçek we ýüpek halylar we üç-dört asyr üstünden geçen köne halylar bu ýerde lowurdap duran täze hala öwrülýär, çeperligi, berkligi we inçeligi bilen aklyňy haýran edýän köne halylary gaýtadan dikeldäýmek hut «Iňňe bilen guýy gazan ýaly» diýilýän irnik iş. Her inedördül metrinde 1 355 000 çitim bar bolan, ýagny üstüne suw düşse, bir damjasyny hem arasyndan geçirmeýän halylaram gaýtadan dikeldilýär. Köp nagyşly — hatda müňe golaý gölleri bolan gadymy halylaryň bolsa ýokarda agzan muzeýimizde 8 müňe golaý nusgalygy saklanylýar. Şol bir wagtda köne halylary gözlemek we ýygnamak işlerem alnyp barylýar.

Salgy we kontaktlar

Atamyrat Nyýazow şaýoly, 158 tel. (99312) 44-68-00/03/09

http://www.tmgid.cc/