Ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplary, okuwçylary üçin okuw-usuly edebiýatlar, gollanmalar, maksatnamalar, meýilnamalar we beýleki okuw-usuly hem-de düşündiriji, okuw-kömekçi neşirlerini çapa taýýarlamak, neşir etmek, medeniýet edaralaryna, okuw mekdeplerine ýaýratmak, usuly kömek bermek ýaly işleri alyp barýar.Şeýle hem orta we ýokary hünär okuw mekdeplerinde amaly we usulyýet işleriniň alnyp barlyşynyň, bilim babatdaky ösüşleriň we özgertmeleriň durmuşa geçirilişiniň ylmy-usuly binýadyny kemala getirmeklik müdirligiň esasy wezipesi bolup durýar. Bu ylmy-usulyýet müdirlik tarapyndan ýurdumyzyň medeniýet edaralarynyň işini döwrebap gurnamak, ol edaralarda zähmet çekýän hünärmenleriň hünär derejesini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly möhüm işler alnyp barylýar.